Kiçijik hekaýatlar

Synag

Tomas Edison elektrik lampasyny oýlap tapmak üçin iki ýüzden gowrak synag geçirýär. Ol lampanyň içine berkitmeli sim üçin iki ýüzden gowrak madda ulanypdyr. Bir gün Edisonyň dostlary:

Şu güne çenli elektrik lampasyny ýasamak üçin iki ýüz gezek dagy synag geçirdiň. Sen näme üçin bu işden el çekeňok? diýip soraýarlar. Şonda ol:

Bu işden hiç haçan el çekip bolmaz. Yhlas bilen kakylan gapy ahyry bir gün açylar. Men iki ýüzden gowrak maddanyň lampanyň simi bolup bilmejegini anykladym. Ine, basym meniň lampany ýagtyltjak simi tapyşyma hem şaýat bolarsyňyz diýip, ruhubelentlik bilen jogap beripdir.

Umytsyzlyk, belli bir karara gelip bilmezlik üstünlige barýan ýolda iň uly böwetleriň biridir. Üstünlik maksada okgunlylygy, janypkeşligi talap edýär.

Möý

Günlerde bir gün ýabyň kenaryndan geçip barýan daýhanyň suwdan çykyp bilmän urnup duran möýe gözi düşýär. Ony halas etmegiň kül-külüne düşen daýhan oňa başam barmagyny uzadýar. Emma möý ony çakýar-da duruberýär. Muňa garamazdan, ýaňky adam möýi suwdan çykarmak üçin ýene-de barmagyny uzadýar, emma möý bu gezegem çakýar. Şonda töweregindäkileriň biri:

Beýdip möýe özüňi çakdyryp durma-da, taşlasana! Owarrama gitsin-le diýende, ýaňky adam şeýle jogap berýär:

Çakmaklyk möýüň tebigatynda bar, çünki olar şeýle ýaradylan. Meniň tebigatyma mahsus zat bolsa, söýmek. Möý çakýar diýip, hakyky bolşumdan daşlaşyp bilmerin ahyry.

Tertip-düzgün

Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende jaýyň içi çalam-çaşdy.Ortadaky saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde dur, ýorgan-düşek galdyrylmandyr, egin-eşikler o taýda, bu taýda pytraşyp ýatyr. Üstesine-de agşamlyk hem taýýar däldi.

Girre gahary gelen adam öýüň içinden aýalyny gözläp ugraýar.Aýaly bolsa, eýwandaky oturgyçda jaýlaşykly ýerleşip, kitap okap oturan eken.Adamsy gaharyny basmaga jan edip:

Bu gün saňa ne döw çaldy? diýip soraýar.

Aýaly göwni bir ýaly, oňa tarap çalaja gözüni aýlap:

Bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok. Her gün işden gelip: Uzakly gün öýde näme edýän zadyň bar? diýip, soraýardyň-a. Şonuň üçin bu gün hiç zat etmedim. Öýde nämeler edýändigimi göreriň ýaly diýip, pert jogap beripdir.

Taýýarlan Jumagül Waliýewa,

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Deňizçilik orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Eýran bilen Mawritaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekmek
Wereşçuk Düýn Çaknyşyk Zolaklaryndan 3,800 Adamyň Ewakuwasiýa Edilendigini Aýtdy
Russiýanyň Ukraina Hüjümleri Dowam Edýär