Kiçi we orta telekeçiligiň uly kynçylyklary açylan iş orunlarynyň köpüsiniň ýapylmagyna getirýär

Kiçi we orta telekeçiligiň uly kynçylyklary açylan iş orunlarynyň köpüsiniň ýapylmagyna getirýär

Türkmen kanunçylygy kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyny kepillendirýär we Türkmenistanyň karz guramalarynyň kärhanalara, guramalara we raýatlara berýän karz pullarynyň möçberiniň ýyl-ýyldan köpelýändigi habar berilýär.Mysal üçin, 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda berlen karz pullaryň mukdary, resmi maglumata görä, 84,96 milliard türkmen manadyna (24,24 milliard dollar) barabar boldy. Şeýle-de, hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň prezidente 26-njy maýda beren hasabatynda ýene ýurtda telekeçileriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertleriň ählisiniň döredilýändigi aýdyldy. Şu aralykda metbugat döwlet eýeçiligindäki desgalaryň ýene 36 sanysynyň satylýandygyny yglan etdi. Ýerli synçylar, öňki telekeçiler we zähmet migrantlary döwlet eýeçiligindäki netijesiz kärhanalaryň ýapylmagy, öz işini açan adamlaryň özüni we işini gorap bilmezligi netijesinde ýurtdaky işsizligiň derejesiniň yzygiderli ýokarlaýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmenistanda soňky onýyllyklarda hususy eýeçilige satylan desgalarda işini ýitiren adamlaryň sany, açylan we ýapylan kiçi kärhanalar, telekeçilik işi bilen bagly anyk we ygtybarly maglumatlar elýeterli bolmansoň, Azatlyk bu meselä ýerli synçylaryň, anonimlik şertinde gürleşen raýatlaryň pikirleri esasynda nazar aýlaýar.

Goňşy ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 15-nji maýda 1-nji iýundan başlap Özbegistanda “20 müň telekeçi - 500 müň taýýarlykly hünärmen” maksatnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini habar bereninden soň, türkmenistanly synçy Azatlygyň Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçiligiň kynçylyklaryna göz aýlamagyny haýyş edip, redaksiýa hat ýazdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Özbegistandakydan tapawutlylykda, Türkmenistanda telekeçilere goldaw bermekden geçen, eger bir telekeçilik işini başlasaň, hökman bir bahana tapyp, başlan işiňi goýdurýarlar. “Sebäbi sen işiňe gapdaldan kanuny ýa bikanun esasda goşulýan resmilere olaryň isleýän paralaryny berip bilmeýärsiň, telekeçilik edip, gazananyň bezenmäge däl, çöregiňe ýetmän başlaýar” diýip, synçy aýdýar.

Ol Azatlyga mundan öňki ýyllarda hem gowşan şikaýatlary gaýtalap, orta we kiçi telekeçileriň köplenç öz ýaşaýan ýerindäki tertip-düzgüne gözegçilik edýän polisiýa ofiserine, ýangyn söndüriji gullugyň işgärlerine we beýlekilere para bermeli bolýandygyny belleýär.

Bu ýagdaýy Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki telekeçi hem tassyklady. “Adamlar dürli-dürli, kanuny gowy bilýänleri hem bar, emma kanuny gowy bilmeýän has kän.Kanuny bileňde-de, ol garyba gezek gelende, gowy işlemeýär.

Netijede, Türkmenistanda kanuna daýanman, işini kynlaşdyrmajak bolup, diýlenini bermek medeniýetine’ uýýan adamlar soňky 30 ýylda has köpeldi.Bizde “Ýa zer gerek, ýa-da zor” diýilýän gadymy nakyl güýjüni ýitirdi diýip, hiç kim aýdyp bilmez” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran öňki telekeçi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistandaky ýagdaýa geçmezden öň Özbegistanda telekeçilere berilýän täze goldawa biraz içgin seredeliň.

Özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň 15-nji maýda beren maglumatyna görä, 2023-2024-nji ýyllarda durmuşa geçiriljek programma üçin bölünip berilýän 1 milliard dollar pes girdejili maşgalalardan bolan raýatlara zerur bolan hünärleriň öwredilmegini we olaryň mümkin boldugyça kän işe ýerleşdirilmegini maksat edinýär.

Has anygy, döwletiň bölüp berýän 1 milliard dollar serişdesi bu programma gatnaşýan telekeçilere, pes girdejili maşgalalardan bolan raýatlary işe taýýarlamak we işe almak şerti bilen, has pes göterimlerde we has uzak möhletde karz bermek üçin ulanylar.

Netijede, telekeçileriň hünärli adamlary taýýarlamak, okatmak üçin çykaran çykdajylarynyň ählisi döwlet tarapyndan töleniler we olar döwlet programmasynyň arkasyndan özleri üçin zerur bolan hünärli adamlara eýe bolarlar.

Maksatnama gatnaşýan telekeçiler bir ýylyň dowamynda garyp maşgalalardan azyndan 20% işgäri işe alan ýagdaýlarynda emläk we ýer salgydyndan boşadylar. Pes girdejili maşgalanyň agzasy bolsa, şeýle kärhanada işleýän wagtynda girdeji salgydyny tölemekden boşadylar.

Şeýle-de, işçisine 5 million soma (450 dollar) çenli aýlyk hakyny berýän telekeçileriň sosial salgytlary 2 esse azaldylar, bu hili telekeçileriň işi salgyt gullugy tarapyndan barlanylmaz diýip, özbek hökümetiniň ýerli telekeçilere beren soňky goldawy baradaky habarda aýdylýar.

Türkmenistanda hem, resmi habarlara görä, telekeçilere uly goldaw berilýär we netijede, TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär.

" ...halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi.Munuň özi telekeçiligiň, salgyt ulgamynyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň, ýer böleklerini bermek düzgüniniň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz bermekde we telekeçiler üçin karz, gümrük hem-de söwda amallaryny resmileşdirmek işleriniň ýeňilleşdirilmeginde beýanyny tapýar… Bu çäreler “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýär” diýip, TDH ýazýar.

Emma synçylar Türkmenistanda TDH-nyň ýa-da "Watan“ habarlarynyň berýän maglumatlarynyň gündelik durmuşda bolýan zatlara çalarak hem gabat gelmeýändigini, ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň bolsa hemmeler üçin açyk syr bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

"Mysalüçin, Türkmenistanda bir kiçi telekeçi marožno, doňdurma guýup satar ýaly hamyr stakanjyk çykarýan seh açýar.Bu kiçi biznes, ýöne Türkmenistanda uzaga çekýän yssy günlerde doňdurma köp iýilýär we telekeçiler ýerlerde hamyr guty öndürýän sehleri edinýär...

Elbetde, haýsy iş bolsun, ony ýola goýmak üçin bir topar tagalla etmeli, kelle agyrtmaly, çykdajy çykarmaly. Ýöne bu kynçylyklardan geçip, öz öndüren hamyr stakanjyklaryny doňdurma satýan dükanlara satyp, eden işiniň hözirini görjek bolýan telekeçi “ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hojalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, synçy aýdýar.

Onuň “harmanda häzir hojalar” diýýänleri ýangyn gullugynyň, polisiýanyň, arassaçylyk gullugynyň, ýerli häkimlikleriň we beýlekileriň işgärleri bolup, olar ol ýa-da beýleki iş gurnan, özi we beýleki adamlar üçin birnäçe iş ornuny açan kiçi telekeçä dürli bahanalar bilen päsgelçilik döredýärler.

"Ýangyn söndürýänler gelip, sehiň eýesine aýda 600 manat ber, seniň sehiň bilen işim bolmaz diýýär; soňra polisiýa wekili gelýär-de, aýda 500 manat ber, men sag, sen salamat diýýär; onuň yzyndan sehiň arassaçylyk ýagdaýyny barlamaga gelýärler, işgärlerde halat ýok, kellelerinde başgap ýok, arassaçylyk pes diýip, 350 manat jerime ýazýarlar.

Onsoň doňdurma gutusyny öndürýän telekeçi aýda bermeli bolýan parasyny, işleýän işçilerine töleýän aýlyk hakyny, özüne galýan girdejini hasaplap görýär-de, biznesini bes etmek kararyna gelýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.

"Şular ýaly ýagdaýa düşýän telekeçiler ýüzlerçe. Olar polisiýa, ýangyn gullugynyň, arassaçylyk gullugynyň, keselleriň öňüni gullugynyň işgärlerine para bermekden halys ýadadylar... Öz-özlerini dolandyryp, döwlete hiç hili azar bolmasalar-da, giň ýaýran parahorluk telekeçileriň elini işden sowadýar” diýip, Azatlyga hat ýazan synçy sözüni dowam etdirdi. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda döwlet tarapyndan telekeçiligi ösdürmäge goldaw däl, zyýan berilýär.

“Arada bir obada köçäniň ugrunda sygyr etini satýan gassabyň çydaman, polisiýa işgärine gatyrganyp aýdan sözlerini öz gulagym bilen eşitdim.Oba gözegçilik edýän polisiýa işgäri gelip, ondan 4 kilogram et çekmegini haýyş etdi.

Gassap diýlen eti çekip, bahasyny aýtdy.Polisiýa işgäri özünden pul soralmagyny geň görüp, “men şu obanyň uçaskowoýy” diýdi.Et satýan hem, gaharyny saklap bilmän, "Bolsaň bolupsyň-da uçaskowyý, men kanuny bozmadym, salgydymy töleýän, saglyk barlagyndan her üç aýda bir gezek geçýän, indi sen uçaskowyý diýip, men saňa eti mugt bereýinmi?

Menem bu maly pula satyn aldym” diýip, ol öz diýenine tutdy. "Bolýar, sen eti mugt bermeseň, onda günaşa gelip, seniň dükanyň arassaçylygyny barlamak meniň borjum” diýip, polisiýa işgäri aýtdy. "Meniň dükanymyň arassaçylygyny barlar ýaly, sen arassaçylyk gullugynyň işgäri däl” diýip, satyjy oňa berk jogap berdi. Şondan soň polisiýa, öz hukugyny bilýän adama duşanyna düşünen ýaly, biraz çekinip, dükandan çykyp gitdi” diýip, synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, Türkmenistanda halkyň gurplanmagy üçin kiçi we orta telekeçiligi goldamaly. "Halk baýasa, ýurt hem baýar; adamlar baý ýaşasa, bu ýurduň abraýy. Halkyň baýamagy üçin telekeçilik bilen meşgullanýan adamlaryň köpelmegi gerek. Türkmenistan telekeçilere goldaw bermän, tersine olaryň aýagyndan aslyşýar” diýip, ýerli synçy ýazýar.

Ýerli synçynyň sözlerine görä, Türkmenistanda telekeçi näçe güýçli, gurply ýa arkaly adam bolsa, onuň girdeji almak mümkinçiligi hem uly, ol has uly işler bilen meşgullanyp, has ýokardakylaryň oýnuna goşulyp bilýär.

Emma kiçi we orta telekeçileriň köplenç mümkinçiligi çäkli bolýar, olar banklardan ýeterlik we amatly karz alyp bilmeýärler, pullaryny konwertasiýa etmekde uly kynçylyk çekýärler, bir topar býokratik päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we käte bir aýda bitirmeli işlerini bir ýylda hem bitirip bilmeýärler, girdeji almaga derek, başlan işlerinden zyýan görýän halatlary hem az däl.

Ýerli synçynyň aýdýanlaryny Azatlygyň ýerli habarçysynyň gürrüňdeş bolan telekeçileri hem tassyklaýar. Olaryň aýdan zatlaryny diňleseň, kiçi we orta telekeçilik berim-peşgeş kerebine çolaşyp galana meňzeýär.

“Eger para bermeseň, başlan işiň dürli sebäpler bilen ýapylýar. Ýokarda kryşaň bolmasa, telekeçilik ýolunda uzaga gidip bolmaýar. Köp ýerde agzalýan paranyň möçberi gaty ýokary” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran telekeçi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, biznes üçin bankdan karz pul alýan telekeçiler ilki şol karzy almak üçin bir topar para bermeli. Ol parany bermek üçinem araçy tapmaly we onuň hem öz paýy par. Şeýlelikde, gerek bolan serişdäňi eliňe alýançaň onuň esli bölegini degişli emeldarlara paýlap çykmaly bolýarsyň.

Daşary ýurtlardan tehnologiýa getirmegiň öňünde hem bir topar emeli päsgelçilik döredilýär.Ozaly getirjek tehnologiýalaryň üçin rugsat almaly we munuň esli pul gerek.Iň soňunda seniň arzyly tehnologiýalaryň ýurduň gümrük gullugyna gelip gowuşýar we öz kanuny esasda getiren emlägiňi şol ýerden çykarmak üçin hem 1000 dollara golaý para bermeli bolýarsyň.

Umuman aýdanyňda, hiç bir iş parasyz düzelmeýär diýip, ýerli telekeçi aýtdy.

Kiçi we orta telekeçileri ýene bir köseýän ýagdaý bolsa, ýurtdaky konwertasiýa meselesi bilen bagly.

Radionyň söhbetdeşleri bu meseläniň telekeçileriň tas ählisine täsir ýetirendigini, hususan-da biznese ýaňy, täzelikde başlan adamlara uly zarba bolandygyny, köp adamyň hut şu konwertasiýa kynçylyklary sebäpli işini togtatmaly bolandygyny aýdýarlar.

Bu kynçylyklar, hususan-da telekeçiniň özüni iş ýüzünde kanuny esasda gorap bilmezligi ýurtda telekeçiligi ösdürmek, oňa giň ýol açmak üçin çykarylan kanunlary ysmaz edýär diýip, öňki sowet ýurtlarynyň birnäçesinde biznes işleri bilen meşgullanan türkmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bazar ykdysadyýeti diýlende, ozaly demokratik ýurt göz öňüne gelýär. “Eger-de ýurtdaky kazyýetler garaşsyz bolmasa, telekeçilik hakynda nähili gowy kanun bolsa bolubersin, sen özüňi gorap bilmeýärsiň.

Mysal üçin, sen Türkmenistanda iş açyp, telekeçilik esasynda belli bir derejede gazanç etdiň, emläkli, pully bolduň diýeli. Emma bu hili ýurtda pulsuz bolmak bilen bir hatarda, pully bolmak hem howply bolup bilýär. Sebäbi sen öz puluňy, emlägiňi kanun esasynda gorap bilmeýärsiň. Şonuň üçin köp adam açyk işlemeýär, gorkup ýaşaýar diýip, öňki sowet ýurtlarynyň birinde biznes bilen meşgullanýan türkmen aýdýar.

“Men Türkmenistanda işleýän telekeçiler bilen duşuşanymda, olardan o taýdaky ýagdaýlary soraýaryn welin, olar biz syýasata goşulmaýarys’ diýýärler.Olar syýasat barada pikir hem etmeýärler.Emma telekeçileriň durmuşy, işi ýurtdaky syýasat bilen gönüden-göni bagly bolýar” diýip, radionyň söhbetdeşi kanunyň gowy işlemeýän ýurtlarynda telekeçiler bilen her hili zatlaryň bolup bilýändigini, onuň öýüne neşe ýa ýarag, ok-däri taşlap, galp iş esasynda tussag etmegiň we emlägini, kärhanasyny elinden almagyň, ýa-da öz zyýanyna işlemäge mejbur etmegiň geň zat’ däldigini belledi.

Bu ýagdaýda saňa hökman ýokarda tanyş-biliş, gorag gerek, sen şolarsyz hiç bir iş edip bilmeýärsiň diýip, daşary ýurtda ýaşaýan türkmen telekeçisi aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen gürleşen telekeçiler hem, aýry-aýrylykda, telekeçiniň özüni, emlägini goramagyň kyn meseledigini tassyk etdiler.

“Başga biri gelip, seniň iş ýeriňi goramaýar, ony seniň özüň goramaly, ýagny şol iş ýerine gözegçilik edýän emeldarlaryň birine para bermeli” diýip, radionyň anonim söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, para bermek sowet döwründen bäri gelýän endik bolup, köp adam ony gowy’ çykalga ýa-da häzirlikçe ýeke-täk çözgüt hasaplaýar.

Para bermän mesele çözjek bolýan adamlaryň işi aňsat düzelmeýär, bolup duran işleri hem bilkastdan, dürli bahanalar bilen yza çekýärler. Muňa iki tarap hem düşünýär. Para berýän adamlar üçin köp ýol açyk bolýar. Bu kär, parahorluk bizde indi çagalar bagyndan, mekdepden öwrenilýär diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.

Türkmenistanda kanun esasynda işläp, hakykaty gazanjak bolýan adamlaryň soňky barjak ýeri köplenç türme bolup durýar, bu hili kanunçy adamlar üçin ýurtdaky ähli gapy ýapyk diýip, habarçymyz bilen gürleşen adamlar bir-birinden habarsyz şol bir zeýrançleri gaýtalaýarlar.

“Para bermek halkyň endigine öwrüldi.Adamlar kiçi ýaşlaryndan hem para bermän, kanun esasynda ýol alyp bolmaýandygyny gowy bilýärler. Ýokary okuw jaýlary, hünär mekdepleri hem köplenç diňe pul berenler üçin açyk. Çagalaryň ählisi bilýär, gowy mekdeplerde pully adamlaryň çagalary okaýar.

Garyp bolsaň, ol mekdepleriň gapysyndan garap bolmaýar.Telekeçilige başlamak üçinem pul gerek, daşyndan para bermäge mümkinçiligiň bolmaly, ýogsa bar eden azabyň biderek bolýar” diýip, radionyň ýene bir söhbetdeşi umytsyzlygyny paýlaşdy.

Türkmenistanda 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda ykrar edilen azat bazar ykdysadyýeti hakykatda jemgyýetdäki demokratik prosesiň, söz we metbugat azatlygynyň, syýasy-ykdysady azatlyklaryň bilelikde sallançakda bogulmagy’ netijesinde togtadylyp, diňe häkimiýet wezipeleriniň iň ýokary basgançaklaryna çykan adamlar üçin bähbitli boldy, ýöne kanunyň işlemezligi ýa-da kazyýetleriň garaşly bolmagy ýurtdaky ýagdaýdan peýdalanyp, uly baýlyk toplan adamlaryň hem ençemesiniň bagtyny garaltdy’ diýip, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow Azatlyga aýtdy.

Öz wagtynda neşirýat açan, mal saklan, balyk ýetişdiren öňki telekeçiniň radio bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, telekeçilik diňe iki sany kanun çykarynyň bilen ugrugyp, ýola düşüp gidýän zat däl.

“Ilki telekeçilige giň ýol açylan ýaly boldy, ýöne soň çapyp barýan atyň ýüzüne urdular, adamlar kürtdürdi... Sebäbi işiň ýol alsa, duşmanyň köpelýär, seni iýjek adam gaty kän. Telekeçi diňe kanunyň öňünde borçly bolmaly, her emeldara borçly bolsa, ol telekeçilik bolmaýar, gulçulyk bolýar” diýip, öňki telekeçi pikir edýär.

Eýsem, Türkmenistanda telekeçileriň azat-erkin işläp, ilki özlerine iş orunlaryny döredip, soň ol orunlary köpeldip bilmegi üçin nämeler edilmeli?

Häzir ýaşy bir çene baran öňki telekeçiniň ynanjyna görä, birinji edilmeli iş telekeçileriň hukuklaryny örän berkitmeli; ikinji edilmeli iş olaryň öz metbugat organlary bolmaly, olar döwlete, hökümete öz pikirlerini açyk aýdyp we diýip bilmeli. Şeýle-de ol ýurtdaky telekeçileriň bir-birek bilen duşuşyp, döwlete garaşsyz ýagdaýda maslahatlaşyp, bileleşip bilmelidigini, bu meselede döwletiň garamagynda döredilen birleşigiň hakykatda halk içinden ösüp ýetişjek talantly, arassa iş adamlaryna böwet boljakdygyny we munuň häzir şeýle bolandygyny öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy
Zaparožýe Atom Elektrik Bekedinde Ýangyn Ýüze Çykdy
Gresiýada bir mugallym tokaýda ýangyn çykardy
Ysraýyl Gazada gyrgynçylyk etmäge dowam edýär
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi