ABŞ-nyň “General Motors” we Hytaýyň “Wuling” şereketi ykjam elektroulagyny tanyşdyrdy. “Baojun E300” atly modeliň dört orunlykdygy we şäher içinde sürmäge niýetlenendigi mälim edildi. Modeliň iki görnüşi bolup, olaryň biriniň kuwwaty 30, beýlekisiniňki 40 at güýjüne barabar bolar. Golaýda ulag barada has köp maglumat ýaýradyljakdygy mälim edildi. Hytaý elektroulag bazarynyň iň çalt ösýän ýurtlarynyň biridir.