Kiçi robotlar suw ýitgisini azaldar

Angliýada we Uelsde suw hyzmatlaryny hödürleýän “Ofwat” kompaniýasy kiçijik robotlary işläp taýýarlaýar.Bu robotlar suw turbalarynyň döwlen ýerlerini tapmaga ýardam eder.Kompaniýa degişli bolan suw geçirijileriniň jemi uzynlygy 400 müň kilometrden geçýär.

Bu turbalardan her günde 3 milliard litr suwuň syzýandygy bellenilýär.Hünärmenler suw ýitgisiniň öňüni almak üçin robotyň has täsirli boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem kompaniýa geçirijileriň zeper ýeten ýerlerini anyklamak üçin kameralardan, emeli hemralar arkaly alnan şekillerden, ýylylygy anyklamak arkaly işleýän dronlardan we beýleki tehnologiýalardan peýdalanýar.

Kompaniýanyň wekilleri göze görnüp duran kemçilikleri düzeltmegiň kyn däldigini, emma göze görünmeýän ýerasty aýryklary anyklamagyň kyndygyny belleýärler. Şeýle hem hünärmenleri geçirijileri ýarylan ýerlerini ýeri gazmazdan düzedip bolýan, turbany ýamaýan materiallardan hem peýdalanýarlar.

Turbalaryň aýryklaryny tapmak üçin işlenip taýýarlanan “Pipebot” atly robotlar kameralar bilen üpjün edilip, beýikli-pesli ýerden hem geçip bilýär. Şeýlelikde, bu robotlar bökdençlik ýüze çykmazdan onuň öňüni almaga ýardam eder. Häzirki wagtda bar bolan tehnologiýa bolsa, haýsydyr bir tehniki bökdençlik ýüze çykandan soňra habar berýär.

Mergen Ýagşygeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Türkmenistanyň aýal-gyzlary 8-nji martda pul sowgatlaryny alarlar, Türkmen howa ýollarynyň Russiýadan Aşgabada petekleri ähli raýatlar üçin bir bahadan satylar, 2023-nji ýylda Türkmenistanda 3 million agaç nahallary oturdylýar
Britaniýaly agramy alty kilogram bolan günebakar ösdürip ýetişdirdi
Türkmenistanda çaga welosipedleri öndürilip başlanar, Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy, Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler we beýleki habarlar
Garet Beýl karýerasyny ýapdy
“Real Madridiň” ozalky ýyldyzy karýerasyny tamamlady