Kiçi awtobuslar satyn alnar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligine 1 müň sany “Toyota Coaster” kysymly orta synply awtobusy we 250 sany “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobusy, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenawtoulaglary Ýaponiýadan 1250 sany orta we kiçi synply awtobuslary satyn alar
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär
Lebap welaýatyna täze awtobuslaryň 200-e golaýy gelip gowuşdy
Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi