Kibertrak partlamasynda günäkärlenýän hüjümi meýilleşdirmek üçin ChatGPT-den peýdalanypdyr

Kibertrak partlamasynda günäkärlenýän hüjümi meýilleşdirmek üçin ChatGPT-den peýdalanypdyr

Amerikaly resmiler täze ýyl güni Tramp myhmanhanasynyň öňünde ýarylan Tesla Kibertrakyň sürüjisidigi çaklanylýan Mathew Liwelsbergeriň meýilleşdiren hüjümi hakynda maglumat ýygnamak üçin emeli aň söhbet roboty ChatGPT-den peýdalanandygyny beýan etdi.

Sülçüler Liwelsbergeriň partlaýyjylar we şol partlaýyjylardan guramagy meýilleşdiren hüjüminde nähili peýdalandygyny hakynda maglumat edinmek üçin ChatGPT-den peýdalanandygy bilen bagly delilleri tapdy.

Şeýle hem Liwelsbergeriň telefonunda gazaplanýan meseleleri we hüjüm meýilnamasy hakyndaky 6 sahypalyk “manifestonyň” bardygy anyklandy.

Liwelsberger partlamadan öň janyna kast etdi. Partlamada 7 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

“Tesla” ulagynyň partlamasyndan soň derňew işi dowam edýär
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär
Elektroulag bäsdeşligi ýitileşýär