Ene-atalaryň köpüsi dynç alyş möwsüminde çagasynyň peýdaly zatlar bilen meşgullanmagy barada oýlanýarlar. Adatça, şunuň ýaly ýagdaýlarda ilki bilen kompýuter we dil öwreniş okuwlarynyň peýdaly boljakdygy seriňe dolýar. Soňky ýyllarda mekdep okuwçylary üçin kompýuteri öwreniş biliminiň iň meşhur ugurlaryndan biri programmirlemekdir.
Türkmenistanda çagalar üçin KiberOne halkara programmirleme mekdebi okuwçylara bütin ýylyň dowamynda programmirlemegiň esaslaryny öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Mekdep okuwçylary kompýuter oýunlaryny oýnamagyň ýerine, bu ugurda pikirlerini amal etmek bilen, öz oýunlaryny işläp düzmek endiklerini özleşdirýärler.
KiberOne-da geçilýän okuwlar programmirlemegiň, dizaýn etmegiň, animasiýanyň esaslaryny öwrenmegi öz içine alýar, şunda çagalar toparlaýyn işlemegiň başarnyklaryny hem özleşdirýärler.
KiberOne mekdebi Microsoft kompaniýasynyň kwalifikasiýasynyň eýesi bolmak bilen, BMG hem-de ÝUNESKO tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň çäginde sanly tehnologiýalar pudagynda iň gowy bilim taslamasy hökmünde ykrar edildi.
Çagany KiberOne programmirleme mekdebine ýazdyrmak üçin (+993 63) 63 91 92 hem-de (+993 62) 52 56 38 telefon belgilerine jaň etmek ýeterlikdir.
Şeýle-de okaň: