KHBS: gurakçylykdan ýeten global zyýan ýylyň birinji ýarymynda 13,2 mlrd dollara ýetdi

KHBS: gurakçylykdan ýeten global zyýan ýylyň birinji ýarymynda 13,2 mlrd dollara ýetdi

Dünýäniň köp ýurtlarynda gurakçylykdan ýeten zyýan ýanwar iýun aýlarynda azyndan 13,2 mlrd dollara ýetdi. Bu barada Aon halkara ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ýerli bölümçesiniň hasabyna salgylanyp, “Nikkei” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary soňky 500 ýylda iň güýçli gurakçylyga sezewar boldy.Ol ABŞ-nyň günbatarynda, Pakistanda we Hytaýda hem güýjeýär.HHR-de derýalaryň suwunyň azalmagy netijesinde birnäçe GES-de elektrik energiýasynyň önümçiligi tas 40% azaldy diýip, gazet belleýär.

Syçuan welaýatynda bolsa bu sebäpli Toyota Motor korporasiýasynyň gurnama zawodynyň işi wagtlaýyn togtadyldy. Öň, iýun aýynda Ýaponiýanyň Milli daşky gurşawy öwreniş instituty bilen Tokio uniwersitetiniň hünärmenleri doklad neşir edip, onda häzirki ýüzýyllygyň ortalaryna çenli tomus gurakçylygynyň kadadan çykma däl-de, köp sebitler, şol sanda Ortaýer deňziniň kenarýakasy we Günorta Amerikanyň köp bölegi üçin norma boljakdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Ortaýer deňzinde batan rus ýük gämisine garşy terrorçylykly hüjüm guraldy
Türkmen häkimiýetleriniň ýasama spirtli içgiler wakasy barada dymmagy ilat arasynda nägilelik döredýär
Russiýaly mugallymlary türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi
Türkmenistanly uruş weterany Russiýanyň hem raýatlygyna kabul edildi
Balide ýanardag çogmagy bilen baglylykda, halkara howa uçuşlary ýatyryldy
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär