Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi

Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz mugallymy kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi.

Konsert rus kompozitory Mihail Glinkanyň Жаворонок aýdymy bilen açyldy. Soňra bolsa ol Sergeý Rahmaninowyň Wokaliz, Frans Şubertiň Баркарола we Форель aýdymlary ýaňlanandan soň, aýdym aýtmagyň adam saglygyna peýdalary barada gürrüň berildi.

Keýik özüniň näzik, mylaýym owazy bilen Jakomo Puççininiň Джанни Скикки operasyndan Лауреттanyň ariýasy, Çary Nurymowyň Niçik söz tapaýyn, nähili aýdym ýene, Adrian Şapoşnikow we Weli Muhadowyň Zöhre-Tahyr operasyndan Zöhräniň aýdymy eserlerini ýerine ýetirdi. Konsert Durdy Nuryýewiň Saňa garaşýan, Aýgytly ädim kinofilminden Nury Halmämmedowyň Aýnanyň aýdymy we Hüwdi aýdymlary bilen dowam etdi.

Keýigiň ýerine ýetiren Çary Nurymowyň Toý aýdymy atly eseri konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi. Bu aýdymlardan soňra konserte gatnaşan okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary aýdymçy talyp gyzy gutladylar we oňa üstünlik arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aýdym-saz sungatynyň türkmen we azerbaýjan wekilleri bilelikde onlaýn-konsert berdiler
Türkmen we azerbaýjan onlaýn-konserti
Türkmen sahnasynda türk opera aýdymçylary çykyş etdiler
Bethoweniň sazyny ýazar
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Dünýä habarlary gysga setirlerde