Keşdelenen sagat gaby

Keşdelenen sagat gaby

Türkmen durmuşynda hojalyk maksatly gaplaryň dürli görnüşi ulanylýar.El hünärinden, tikin-çatyndan ökdelik bilen baş çykarýan ene-mamalarymyz dutar gaby, gyjak gaby, sagat gaby, duztorba, çaýhalta, gapjyk, ikselik, horjun, elbukja ýaly milli esbaplaryň birnäçe görnüşlerini taýýarlapdyrlar.

Olaryň käbiri halydan, kilimden dokalyp taýýarlanylsa, käbiri dürli matalardan tikilipdir.Gyz-gelinlerimiz guraldyr enjamlaryň daşyna geýdirmek üçin niýetläp matadan tiken daşlyklarynyň, gaplarynyň ýüzüni keşde nagyşlary bilen bezäpdirler. Şeýlelik bilen, ezber gyz-gelinlerimiziň owadan nagyşlar bilen bejermek, bezäp-beslemek inçe el sungaty, ukyp-başarnyklary diňe bir olaryň geýen milli lybaslaryna däl-de, eýsem milli esbaplara hem siňdirilipdir.

Matadan tikilip ýüzi keşdelenip ýörite taýýarlanan esbaplaryň bir görnüşi hem sagat gaplarydyr.Türkmenleriň durmuşyna giňden ornaşan jübi sagatlaryny bilmeýän ýok bolsa gerek?!Jübi sagatlaryny salmak üçin, aýal-gyzlarymyz olara ýörite gap tikipdirler.

Bu hili gaplary matadan tikip taýýarlapdyrlar.Sagat gaplary tegelek, dörtburç, süýri şekilde tikilip, olaryň bir tarapyna sagat salmak üçin agyz goýlupdyr.Gabyň iç ýüzüne içlik edilip, agzyna bolsa ýüp çatypdyrlar ýa-da şaýdyr ilik dakypdyrlar.

Keşdeçilik däplerine göra, sagat gaplarynyň ýüzüni owadan nagyşlar bilen keşdeläp bejeripdirler.Sagat gabynyň ýüzüne keşde nagyşlarynyň salnyşynyň-da aýratynlygy bolupdyr.Gaba merkezi nagyşlar salnyp, ol “dörtgoçak”, “çaňňa”, “dogajyk” ýaly nagyşlardan ybarat bolupdyr.

Merkezi nagşyň töwereginden “akgaýma”, “süňşük”, “alaja”, “egrem”, “sekizkeşde” ýaly nagyşlary sünnäläpdirler.Gabyň gyrasyny bolsa dürli reňkli sapaklary gezekleşdirip, gyýak görnüşinde nagyşlapdyrlar.Keşde nagyşlary sagat gabyna gözel keşp beripdir hem-de gap berk bolupdyr.

Keşdelenip taýýarlanylan sagat gaplary milli mirasymyzyň dürdäneleri hökmündäki medeni gymmatlyklardyr.Olaryň ýüzüne ezberlik bilen çekilen bezeg nagyşlary bolsa, el işini ýöredýän ussat gyz-gelinlerimiz üçin keşdeçilik däplerinden nusga alarlyk sungat önümidir.

Gözüň göreji deýin goralýan medeni mirasymyzyň merjen gymmatlyklary halkymyzyň milli ruhunyň aýnasy bolup asyrlara uzalar.Gülnar Joraýewa

Ýene degişli makalalar

Prezident we parlament saýlawlary geçiriler
2022-nji ýylda aýallaryň hukuklary: ony nähili bozdular we oňa garşy nähili göreş alyp bardylar
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary işe girişdi
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy
Çawuşogly Gabonyň täze Daşary işler ministrini gutlady