Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň höwesjeň gyzjagazlarynyň arasynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” hem-de “Türkmen keşdeçilik sungaty” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmegi mynasybetli “Keşdeçilik sungaty mirasymyzyň zynaty” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi.Şeýle-de iňňe, ýüwse, oýmak ýaly keşdeçiniň gerekli bolan gurallary, ýüpek sapaklary işmegiň we syntgylamagyň usullary, çep we sag halkalaryň gezekli-gezegine hünärli elleriň kömegi bilen keşde sungatyny emele getirişi barada gyzykly gürrüňler edildi.
Gadymy milli mirasymyz bolan keşde nagyşlarymyzyň “Tyllagoçak”, “Günebakar”, “Şänik”, “Çemçegöl”, “Kebelek”, “Çynar”, “Ýürekkeşde”, “Gowaçagül”, “Goçak”, “Tegbent”, “Gülýaýdy” ýaly görnüşleriniň zenanlaryň köýnekleriniň ýakalaryna, kürtelere, çyrpylara, oglan we gyz tahýalara, erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna şeýle hem çaga kürtekçelerine salnyşynyň aýratynlyklary barada hünärmenimiziň aýdyp beren maglumatlary bilesigeliji gyzjagazlarda uly täsir galdyrdy.
Gurnalan el işleriniň sergisi hem olarda uly gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eneden gyza geçip häzirki günlerimize gelip ýeten milli el işlerimizi nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.