Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinden telekeçi Arslan Möwlamowa degişli kiçi kärhana ýakynda Ýelken diýlip atlandyrylýan aýakgaplary öndürip başlady. Bu barada Türkmen gündogary gazeti habar berýär.
Yhlas etseň, bitmeýän iş ýok.Arslan öz öňünde goýan maksadyna ýüregi bilen ýapyşdy.Ol bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler bilen tanyşdy, maslahatlaşdy.Türkmenabatly tejribeli aýakgap ussasy Şükürylla Bahryýew hem oňa el kömegini, dil kömegini berdi.
Bäherden etrabyndaky Ak suw hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri, Mary şäherinden telekeçi Dörtguly Haýdarow dagy ýerli çig malymyzdan taýýarlanylýan daban, emeli gaýyş, ýelim, kagyz, granitol ýaly önümler bilen üpjün edip başladylar.
Arslan baran ýerinden goldaw tapdy.Bankdan karz pul serişdesini, kärendesine jaý hem aldy.Aýakgap tikmäge höwesek ýaşlar hem tapyldy.Häzirki wagtda sehde oglan-gyzlaryň 17-si işleýär.
Olar öz işlerini kemsiz-köstsüz ýerine ýetirýärler.Sehde köp işleriň el güýji bilen ýerine ýetirilýändigine garamazdan, aýakgaplaryň görnüşleriniň owadan, hiliniň ýokarydygyny aýratyn bellemek gerek.Aýakgaplaryň dürli ölçegde, dürli görnüşde, dürli reňkde alyjylaryň islegine görä taýýarlanylmagy müşderileriň göwnünden turýar.
Netijede Ýelkeniň aýakgaplaryna bolan isleg barha artýar.Sehiň işiniň öndürijiligi hem gün-günden ýokarlanýar.
— Hünärmenlerimiz öz işlerine has ökdelediler.Häzirki wagtda bir günde 45-50 aýakgap öndürýäris.Kerki şäherinde, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda özümiziň aýakgap dükanlarymyzy açdyk.Harytlarymyzy şol ýerdäki hususy dükanlarymyzda elýeterli bahadan satuwa çykarýarys.
Geljekde Türkmenabat hem-de Aşgabat şäherlerinde dükanlarymyzy açmaklygy meýilleşdirýäris.Sehiň iş gerimini hem giňeltmekligi göz öňünde tutýarys.Iş orunlaryny köpeldip, öndürýän önümlerimiziň görnüşlerini hem artdyrmakçy.Diňe aýakgap däl, eýsem, gelin-gyzlar üçin el torba, gapjyk, mekdep okuwçylary üçin goş torba ýaly harytlary hem taýýarlap, köpçülige hödürlemekçi. Özem, olary alyjylaryň isleglerine görä, dürli reňkde, dürli biçüwde tikip bermek niýetimiz bar ― diýip, telekeçi gazetiň ştatdan daşary habarçysyna gürrüň berdi.