Kerkide täze Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany açyldy

Kerkide täze Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany açyldy

Lebap welaýatynyň Kerki şäherçesinde Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükanynyň täze nokady işläp başlady. Täze dükanda awtoulaglar üçin zerur bolan ähli sarp ediş harytlary müşderilere hödürleýär:

Awtoýoly awtohyzmatlar merkezinde sürüjilere hödürlenilýän daşary ýurtlaryň meşhur brendleriniň önümleri bilen üpjün edildi.Bu ýerden alyjylar Varta, Yigitakü, Rigel haryt nyşanly akkumulýatorlary, Mobil kompaniýasynyň ýokary hilli ýaglaryny, sebitde meşhur bolan Fil Filter awtoulag süzgüçlerini, Westlake, Hankook, Apollo, Toyo hem-de Michelin ýaly ýokary hilli we dünýäde giňden peýdalanylýan teker görnüşlerini, şeýle-de beýleki dürli hili sarp ediş harytlary satyn alyp bilerler.

Kerki şäherçesiniň ýaşaýjylary we myhmanlary awtoulagyň guratlygy üçin gerekli bolan harytlar bilen birlikde Awtoýoly awtohyzmatlar dükanynda ulag bejeriş hyzmatlarynyň birnäçesinden peýdalanyp bilerler. Häzirlikçe bu ýerde ýag, teker çalyşmak, wulkanizasiýa we başga-da birnäçe awtoulag hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Awtoýolynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, dükanyň harytlary we hyzmatlary eýýäm köp ýyllardan bäri ýurduň ähli künjeginde uly isleg bilen giňden peýdalanylyp gelýär.

Ýeri gelende Kerki şäherçesinde işläp başlan Awtoýoly söwda we hyzmat ediş dükanynyň Lebap welaýatyndaky üçünji söwda nokadydygyny, birinji we ikinji dükany bolsa Türkmenabat şäherinde ýerleşýändigini bellemek gerek.

Täze dükanyň salgysy:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Pakistanda Muson Ýagyşlary Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artýar
Kim, haçan oýlap tapdy?
Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär
Dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri
Awtoýoly awtoserwis we awtoýuwalga hyzmatlaryny hödürleýär
Awtoýoly sürüjilere köpdürli ätiýaçlyk şaýlaryny we awtoulag hyzmatlaryny ýetirýär