Kerç köprüsine hüjüm guralmagy Ukraina-Russiýa söweşinde täze döwrüň başlamagyna sebäp boldy.

Kerç köprüsine hüjüm guralmagy Ukraina-Russiýa söweşinde täze döwrüň başlamagyna sebäp boldy.

Krymy gara ýyly arkaly Russiýa bilen birleşdirýän Kerç köprüsine hüjüm guralmagy Ukraina-Russiýa söweşinde täze döwrüň başlamagyna sebäp boldy.

Garaşyly ýaly Russiýa şol hüjümden soň Ukrainanyň paýtagty Kiýew bilen birlikde birnäçe şähere raketa hüjümini gurady.Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşinin başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew ozal Kerçe guraljak hüjümiň Ukraina üçin jähennemiň gapylaryny açjakdygyny nygtapdy.

Başdan geçirlen soňky wakalara görä, Medwedewiň hem nygtaýşy ýaly jähennemiň gapylary açylan ýaly görünýär. İki tarapda hem çaknyşyklar güýçlendi.Dartgynlyklaryň diplomatiýa we syýasy taýdan çözülmegi ähtimallygy hem gün saýyn azalýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýa-Ukraina söweşi ähli front liniýalarynda dowam edýär. 2022-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ir ertir Russiýa tarapyndan 2014-nji ýylda anneksirlenen Krym bilen Russiýanygara ýoly arkaly birleşdirýän Kerç köprüsinde güýçli partlama boldy.

Partlama sebäpli köprüden geçip barýan we ýangyç daşaýan otly ýandy.Partlama sebäpli köprüniň bir böleginiň çökendigi we gatnawyň bes edilendigi habar berildi.Hüjümiň nähili ýagdaýda guralandygy hakynda dürli garaýyşlar orta atyldy.

Russiýa bomba goýlan ýük ulagynyň ýarylandygyny mälim etdi.Russiýanyn döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bolsa “Bu Russiýa Federassiýasy taýdan uly ähmiýete eýe bolan harby däl infstrukturany ýok etmegi maksat edinýän terrorçylykly hüjümdir.

Ony meýilleşdiren, guran we görkezme beren Ukrainanyň howpsuzlyk gullugydyr” diýdi.

Ýewropanyň iň uzyn köprüsi bolan Kerç köprüsi Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krym bilen gara ýoly gatnawynyň ýola goýulmagy taýdan resmi Moska üçin strategik ähmiýete eýe.Gymmaty 3,5 milliard dollara barabar bolan Kerçde 4 gara we 1 demir ýoly bar.

Krymda ýaşaýan asuda ilat taýdan hem köprü diýseň möhüm.Hersonda rus basyp alyjy güýçlerine hem bu köprü arkaly logistiki goldaw berilýär.Köprü şol bir wagtda simwoliki taýdan hem Russiýa hem-de döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin üçin uly ähmiýete eýe.

Köpri rus basyp alyşlygynyň simwoly hökmünde görülýär.Uly ähmiýete eýe bolan köprüniň Putiniň doglan gününde bombalanmagyndan soň ünsler Russiýanyn berjek jogabyna gönükdi.

Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşinin başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew ozal Kerçe we Kryma guraljak haýsydyr bir hüjümiň Ukraina üçin jähennemiň gapylaryny açjakdygyny nygtapdy. Medwedewiň nygtaýşy ýaly boldy. Rus güýçleri birnäçe gün soň paýtagt Kiýewiň başda durmagynda Ukrainanyň birnäçe şäherine raketa hüjümlerini gurady. Hüjümlerde Ukrainanyň infstrukturasy we termiki desgalar bilen birlikde asuda ilat nyşana alyndy.

Russiýa taýdan 2 gün dowam eden raketa hüjümleriniň gymmatynyň azyndan 1 milliard dollara barabar bolandygy nygtalýar. Elbetde hüjümler sebäpli Ukrainanyň infstrukturasyna uly zeper ýetirildi.

Russiýanyn gönükdirilýän raketalar bilen guraýan hüjümlerini näçe wagt dowam etdirjekdigi bolsa doly bilinmeýär.Sebäbi rus goşunynyň inwentarynda strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe bolan şol raketalaryň azalýandygy we rus goranyş senagatynyň käbir enjamlarynyň daşardan gelýändigi sebäpli raketa ulgamlaryny ýeterlik mukdarda öndürip bilmeýändigi öňe sürülýär.

Ruslaryň söweşiň dowamynda şol raketa ulgamlaryny seýrek ulanýandygy görülýär.Front liniýalarynda täsiri çäkli bolan şol hüjümleriň ruslara ruhy taýdan goldaw berjekdigi nygtalýar.Rus goşunynyň Hersondaky çaknyşyklarynyň depgini gowşady.

Bölekleýin mobilizlenme kararyndan soň Ukraina ugradyljak täze rus güýçleriniň deňagramlyk emele getirip getirmejekdigi bolsa näbelli bolmagynda galýar.Günbatarly ýurtlar bolsa Ukraina berýän harby goldawyny artdyrmak bilen dowam etdirýär.

Kerç köprüsüne guralan hüjüm we hüjümden soň başdan geçirlen wakalar bolsa söweşiň dowam etjekdigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy