ABŞ-nyň Kentukki ştatynda bolan suw joşmasyndan pida bolanlaryň sany 37-ä ýetdi, bu barada ştatyň gubernatory Endi Beşir habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.
Beşir ýene-de köp adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi, ol şeýle hem raýatlara sebitde ygal ýagmagynyň güýçlenjekdigi barada duýdurdy.
Geçen hepdede Kentukkide güýçli çabga ýagdy. Ol ştatyň günorta-gündogaryndaky öýleri gark etdi. Käbir etraplarda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.