Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy

Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy

Keniýanyň günorta-günbataryndaky goraghanada saklanýan žiraflaryň 25-sine GPS nawigatorlar dakyldy diýip, Habar 24 ýazýar. Bu barha azalýan haýwanlary goramakda kömek eder diýip, hünärmenler aýdýarlar.

Başlangyç bütin ýurtda žiraflaryň ýaşaýan çäklerini öwrenmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Alnan maglumatlar soňra süýdemdirijileri gorap saklamak üçin işlerde peýdalanylar.

Sebäbi 90-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri žiraflaryň sany 80 göterime golaý azaldy.

Mukami Roro, weterinar: - Ýurtda žiraflaryň sany gitdigiçe azalýar. Muňa howanyň üýtgemegi sebäp bolýar. Gurak howa şertleri olaryň adamlaryň ýaşaýan çäklerine göç etmegine getirýär. Ol ýerde žiraflar dürli howplardyr duzaklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýene degişli makalalar

Žiraflara GPS nawigator dakyldy
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
Acer kompaniýasy welosiped önümçiligine geçdi
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna