Keniýa soňky 40 ýylda iň güýçli guraklygy başdan geçirýär. Bu ýylyň mart-maý aralygyndaky ýagyn möwsümi hem soňky ýedi ýüzýyllykda ygala iň garyp döwür boldy diýip, Euronews.com ýazýar.
Suwsuzlykdan hem-de açlykdan eýýäm müňlerçe ýabany we öý haýwanlary öldi. Dünýäde meşhur bolan goraghanalarda guraklyk zerarly 205 pil, 512 antilopa, 381 beder (zebra), 51 gäwmiş we 12 žiraf heläk boldy.
Dünýäde iň meşhur grewi bederleriniň 2 göterimi pida boldy. Guraklyk hatda yssa iň çydamly haýwanlar bolan düýeleriň hem heläk bolmagyna getirýär. Şol bir wagtda ýurtda brakonýerçilik hem artdy.
Guraklykdan has köp ejir çeken etraplardaky goraghanalara ýabany haýwanlar üçin suwdur iým eltilýär.
Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça Milli edaranyň (NASA) alymlary guraklyga sebitde klimatyň we howanyň üýtgemeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
Howa maglumaty gullugynyň işgärleri Keniýada howanyň adatdakydan has gurak boljakdygyny çaklaýarlar, ýylyň aýagyna çenli ygal düşmese gerek.
Tebigaty goraýjylar haýwanlaryň has seýrek duşýan görnüşleriniň pida boljakdygyndan ätiýaçlanýarlar.