Keniýada noýabr aýynyň ortasyndan bäri dowam edýän ýagyşlar bilen gelen silde ýogalanlaryň sanynyň 70 adama ýetendigi nygtaldy.
Keniýanyň Prezidenti Ruto mesele hakynda beren beýannamasynda, aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 70 adamyň ýogalandygyny aýtdy.
Prezident Ruto, sil apaty sebäpli on müňlerçe adamyň öýüni terk edendigini we ýurduň demirgazygynyň başda durmagynda birnäçe sebitde ýollara uly zeper ýetirlendigini belledi.
Ruto, tebigy apat sebäpli ejir çekenlere kömek berilmegi maksady bilen 15 million dollarlyk bujetiň bölünip berlendigini ýatlatdy.
Keniýa, aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli halka duýduryş berdi.
Beýleki tarapdan goňşy ýurt Somalide hem sil apaty sebäpli 96 adamyň ýogalandygy, käbir sebitlerde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigi nygtaldy.