Režissýor Jeýms Kemeron Awatar: Suwuň ýoly filmi üçin 95 million dollar girdeji gazandy diýip, Forbes žurnaly habar berdi.
Kinorežissýor we 20th Century Studios kompaniýasy öň ylalaşyga gol çekip, oňa görä, Kemeron film prokatda üstünlik gazanan ýagdaýynda belli bir möçberde sylag almaly eken. Sylagyň takyk möçberi belli däl.
Awatar: Suwuň ýoly häzirki wagta çenli pandemiýadan soňra kassada 2 milliard dollardan gowrak girdeji toplan ikinji, bütin taryhda bolsa altynjy film boldy. Kemeron bu alty filmiň üçüsiniň režissýorydyr (Awatarlar we Titanik).