Kembrij uniwersitetiniň iňlis dili sözlüginde "perseverance" ("tutanýerlilik") sözi 2021-nji ýylyň sözi hökmünde saýlanyldy. Bu barada Kembrij uniwersitetiniň web saýtyna salgylanyp, rbc.ru habar berdi.
Ýylyň sözüni sözlügiň ulanyjylary saýladylar. Ýagny olaryň sözlükden kynçylykly ýagdaýlara garamazdan bir zada ýetmek ýa-da bir zady amala aşyrmak üçin hemişelik ymtylyşy aňladýan "perseverance" sözüni has köp gözländikleri anyklanyldy.
Kembrij sözlügi her ýyl ulanyjylaryň iň köp gyzyklanýan sözüni kesgitleýär. 2020-nji ýylda "quarantine" ("karantin") sözi, 2019-njy ýylda bolsa "upcycling" (köne zatlary gaýtadan işlemek arkaly täze zatlar öndürmek) sözi ýylyň sözi hökmünde saýlanypdy.