Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň esasy sözüni yglan etdi

Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň esasy sözüni yglan etdi

Kembrij unuwersitetiniň sözlügi iňlis dilinde 2021-nji ýylyň iň baş sözüni mälim etdi, ol “tutanýerlilik” (perseverance) sözüdir. Bu barada sözlügiň Twitterdäki sahypasynda habar berildi.

Habarda bu sözüň kesgitlemesiniň 2021-nji ýylyň dowamynda sözlükden 243 müň gezek gözlenendigi aýdylýar. Gözleg sowalnamasy haçanda NASA Perseverance marsgezeri Mars planetasyna baryp gonandan soň has-da artypdyr.

“Tutanýerlilik” sözüniň köp gözlenmegi, eýsem, bütin dünýäde adamlaryň 2021-nji ýylda bolup geçen kynçylykly ýagdaýlarda ýan bermän, öňe gitmek meýlini aňladýar” diýlip, saýtda nygtalýar.

Ýeri gelende aýtsak, iňlis diliniň Oksford sözlügi şu ýylyň esasy sözi hökmünde vax sözüni yglan edipdi, ol hem at, hem işlik bolmak bilen, “waksina”, “waksinirlemek” görnüşinde “sanjym” we “sanjym etmek” diýmegi aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
19-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýewropanyň iň gowy uniwersitetleri
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler
Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy