Kel bagşy Türkmenistanyň halk bagşysy (1850-1923)

Kel bagşy Türkmenistanyň halk bagşysy (1850-1923)

Kel bagşy Allaberdi Aýdogdy ogly meşhur Amangeldi Göniniň we Gulgeldi ussanyň esasy şägirtleriniň biridir.Ol 1950-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dogulýar. Ýaşajyk Allaberdiniň (Kel onuň lakamy bolupdyr) taýsyz saz ukybyna ir göz ýetiren Aýdogdy aga döwrüň meşhur sazandasy we ussasy, gökdepeli Gulgeldiden dutar alyp berýär, soňam oňa şägirtlige tabşyrýar. Şeýlelikde, 10-15 ýaşly Allaberdi Gulgeldi halypanyňkyda boluberýär.

Bu ýerde ol Amangeldi Gönübek bilen hem ýakyndan tanyşýar.Ol tanyşlyk soňra halypa-şägirtlik gatnaşygyna öwrülip, Allaberdi Aýdogdy oglunyň durmuşynda öçmejek yz galdyrýar. Şonuň üçin hem ol dutaryň perdelerini on üçe ýetiren, şeýlelikde, bu senediň ýerine ýetirijilik usullaryny, mümkinçiliklerini has kämilleşdiren halypasy Gönübege bagyşlap, öz ilkinji eserini Ussadym atly sazyny döredýär.

Hünär perzendiniň şol ajaýyp sowgatlyk mukamyny ömrüniň soňky günlerinde diňlän Gönübek şägirdine ak pata berip, şeýle sargyt edipdir: Adamzat döräli bäri bar bu senede Baba Gammaryň, Aşyk Aýdyň piriň, ýene ençeme ärleriň yhlas-paýhasy siňipdir...

Ata-babalarymyz bu senedi pirli senet halal kesp-kär hasaplapdyrlar.Halala halal hyzmat etmek hem parzdyr.Hünär atasynyň sargydyna hemişe eýermäge çalşan Kel bagşy milli dutarçylyk sungatymyzyň ösüp kämilleşmeginde täze ajaýyp sahypany esaslandyrdy.

Döredijilik hem-de ýerine ýetirijilik ýoly onuň Kepele kör, Çowdur kör, Mämmetmyrat ussa, soňra Täçmämmet Suhanguly, Hally bagşy, Sary bagşy, Hanmämmet gyjakçy ýaly döwürdeş kärdeşleri üçin nusga, bellibir derejede bolsa görelde mekdebi bolupdyr.

Ol beýik halypalary Amangeldi Gönübegiň, Gulgeldi ussanyň döredijilik däplerine eýerip, gadymdan gelýän ajaýyp sazlarymyzy-mukamlaryň täze nusgalaryny döredipdir.Muňa mysal edip Jelil, Jereni kyblam, Saltyklar, Hajygolak ýaly birnäçe bölekden ybarat sazlardaky Kel bagşynyň çalşy adyny alan täze nusgalary görkezmek hem ýeterlik bolsa gerek. Öten-geçen halypalaryň, has takygy, Kel bagşydan tälim alyp, ussatlyga ýetişen halypalaryň we olaryň şägirtleriniň beren maglumatlaryna görä, häzirki zaman dutarçylyk sungatymyzyň Hatyja, Kepderi, Maral geldi ýaly birnäçe ajap sazlary hem hut Allaberdi Aýdogdy oglunyň zehin gazanynda taplanyp dörän eserler bolmaly.

Şöhratly ady türkmen sazynyň taryhyna müdümilik giren Kel bagşy 1923-nji ýylda Aşgabatda ýogalýar.Beýik halypanyň şöhratly ýoluny, ýerine ýetirijilik hem-de döredijilik däplerini şägirtleri Täçmämmet Suhangulyýew, Sary bagşy, Mylly Täçmyradow ýaly zehinli bagşy-sazandalar üstünlikli dowam etdiler.

Kel bagşynyň ajaýyp adamkärçiligi, taýsyz ussatlygy, döreden nusgawy mukamlary barada onuň esasy şägirdi hem-de ýerine ýetirijilik özboluşlylygyny gönüden-göni dowam eden Mylly Täçmyradow köp gyzykly gürrüň beripdir.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow türkmenistanlylary dutarçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bilen gutlady
Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
Saýra, dutar, parahatlyk mukamy!
Ussat mugallym, halypa sazanda
Simurg söwda tory Türkmenistanda garaşaryna söwda etmek mümkinçiligini ýetirýär