Milli metbugatda berilen habarlara görä, strategik ähmiýete eýe bolan Rubaýa şäheri 2 gün dowam eden çaknyşyklaryň netijesinde başbozar 23-nji mart hereketi (M23) atly toparyň gözegçiligine geçdi.
Kongo Demokrat Respublikasynyň gündogarynda ençeme ýaşaýyş ýeriniň gözegçiligini ele geçiren M23 hereketiniň agzalarynyň Rubaýa şäherine girmeginden soň, howpsuzlyk güýçleri sebiti terk etmäge mejbur galdylar.
Ýurduň gündogarynda öňe gidişligini dowam etdirýän M23 hereketiniň agzalary 25-nji fewralda bolsa strategik ähmiýete eýe bolan Mushaki şäherini basyp alypdy.
Kongo Demokrat Respublikasynyň gündogarynda işjeňligini dowam etdirýän M23 hereketiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda ýaňadandan başlan hüjümleri, sebitde ýaşaýan müňlerçe adamyň öz ýerlerini terk etmegine we Ruanda bilen Kongo Demokrat Respublikasynyň arasynda krizisiň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.
Kongo Demokrat Respublikasy Ruandany altyn, koltan we kobalt ýaly elementler taýdan baý bolan topraklaryny basyp almaga synanyşmak bilen we M23 hereketiniň agzalaryny goldamak bilen günäkärleýän bolsa, Ruanda şol günäkärlemleri ret edýär.