KDR-da konsertde bolan dyknyşykda 9 adam ýogaldy

KDR-da konsertde bolan dyknyşykda 9 adam ýogaldy

Milli metbugatda berilen habara görä Kongoly sazanda Maýk Kalambaýiniň Kinşasa şäherindäki "Stade des Martyrs" atly stadionda beren konsertinde dyknyşyk boldy.

Wakada 9 adam ýogaldy, ýaralanan ençeme adam hassahanalarda bejergi astyna alyndylar.

Konsertde 80 müň orunlyk stadionda 120 müň adamyň bolandygy habar berildi.

Kinşasanyň häkimi Daniel Bumba waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi.

Şol stadionda 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda kongoly sazanda Falli Ipupanyň konsertinde bolan dyknyşykda hem 11 adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Mozambigiň polisi Maputo tussaghanasyndaky pitnede onlarça adamyň ölendigini habar berdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Balykesirde Bolan Partlamada 12 Adam Ýogaldy
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Braziliýada başdan geçirilen ulag heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy