Milli metbugatda berilen habarlara görä, ýurduň Demirgazyk Kiwu welaýatynyň Beni sebitinde Demokratik Alýans Güýçleri atly gozgalaňçy topar, asuda ilata garşy ýaragly hüjüm gurady.
Ençeme öýüň talanyp, ýakylan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 50 adam ýogaldy.
Howpsuzlyk güýçleri hüjümden soň sebitde operasiýa başlatdy.
Ugandada we Kongo Demokratik Respublikasynda 1990-njy ýyllaryň ahyrynda iş alyp barmaga başlan Demokratik Alýans Güýçleri Ugandanyň milli azat edijilik goşunyň, Ugandanyň Musulman azatlyk goşunynyň we Teblig jemagaty ýaly toparlaryň ozalky agzalarynyň bir ýere jemlenmegi bilen emele getirildi.
Demokratik Alýans Güýçleriniň hüjümlerinde 2014-nji ýyldan bäri asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalandygy, ýüz müňlerçe adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur galandyklary mälim edildi.