
Kongo Demokratik Respublikasyndaky operasiýanyň metbugat geňeşçisi maýor Bilal Katamba, metbugata beren beýanatynda, ADF-e garşy operasiýalaryň dowam edýändigini mälim etdi.
Bilal Katamba sebitdäki operasiýalarda ADF-nyň 548 agzasynyň öldürilendigini, 50 agzasynyň tussag edilendigini we 31 agzasynyň boýun egendigini beýan etdi. Operasiýalaryň Ugandanyň goşuny tarapyndan geçirilýändigini aýdan Katamba, şol tapgyrda ýogalan esgerleriň bolup-bolmandygy barada bolsa maglumat bermedi.
Ugandada we KDR-da 1990-njy ýyllaryň ahyrynda aksiýalar geçirmäge başlan ADF-nyň guran hüjümlerinde 2014-nji ýyldan bäri asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalandygy, ýüz müňlerçe adamyň öz ýerlerinde başga ýerlere göçmäge mejbur galandygy habar berildi.