Günorta Koreýada kazyýetleriň biri wezipesinden çetleşdirilen ýurduň prezidenti Ýun Sok Ýoluň jedelleşikli ýagdaýda harby düzgün girizmek barada karar kabul etmegi sebäpli, tussag edilmegi barada karar çykardy.
Seulyň Günbatar etrap kazyýeti Bilelikdäki derňew merkezi tarapyndan tussag edilmegi baradaky talaby tassyklap, ýurduň taryhynda, wezipesinde bolan bir lider üçin kabul edilen ilkinji tussaglyk kararyny kabul etdi.
Ýuk Sok Ýol indi gozgalaň bilen bagly kazyýet işine sezewar galmagy ähtimal.