Kazankow Týumen bilen şertnama baglaşdy

Kazankow Týumen bilen şertnama baglaşdy

Týumen futbol kluby resmi web saýtynda Tomuň hüjümçisi Maksim Kazankowy transfer edendigini habar berdi.

Maksim Kazankow 1987-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda dünýä indi. Ol türkmen futbolynyň uçurymy. Paýtagtyň Nisa, Köpetdag we Aşgabat futbol toparlarynda çykyş eden hüjümçi ýurduň çempionatynda we Naýbaşy kubogynda ýeňiji boldy.

Kazankowlaryň maşgalasy 2008-nji ýylda Russiýa göçdi. Şeýlelikde, ol şol wagt Russiýanyň çempionatynyň ikinji ligasynyň wekili Orenburgyň Gazowigi bilen şertnama baglaşdy. Soňra Sankt-Peretburgyň Dinamo, Frýaziniň Olimp, Moskwanyň Torpedo-ZIL, Saratowyň Sokol toparlarynda çykyş eden futbolçy 2012-nji ýylda Daşkendiň Lokomotiwiniň düzüminde Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Maksim Kazankow şondan soň hem Russiýanyň toparlarynyň birnäçesiniň köýnekçesini geýdi.

Geçen möwsümi Tomda geçiren Kazankow Russiýanyň FNL ligasynda 47 duşuşykda meýdana çykyp, 8 gezek tapawutlandy.

Ol Sibire wekiliçilik edýän häzirki toparynyň düzüminde kuboklara iň köp mynasyp bolan futbolçydyr. Kazankow täze toparynda 87 belgili köýnekçede çykyş eder.

1961-nji ýylda döredilen Týumen Russiýanyň PFL ligasynda çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler
Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin möhletinden öň ses berlişik başlady
Tatarystanyň Prezidenti Kazandaky täze türkmen konsuly bilen duşuşdy
Özbegistanyň medeniýet ministri Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda aýdym aýtdy, Türkmenistanda 30-dan gowrak döwlet eýeçiligine degişli desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Russiýanyň ýene-de 13 şäherinden Türkiýä uçar saparlary başlanar
Ysmail Gaspyraly