Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Atadurdy Baýramow 18-nji we 26-njy martda Russiýanyň Naberežnyýe Çelny we Ulýanowsk şäherlerinde bilim alýan türkmen studentleri bilen duşuşyp, Türkmenistanda pul geçirim hyzmatlary boýunça girizilen çäklendirmeleriň aradan aýrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna garaşyp oturmaly däldigini aýtdy. Bu barada turkmen.news neşiri “UlPress” gullugyna we Naberežnoçelninskiý mugallymçylyk institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Maglumata görä, Baýramow türkmen studentleri bilen duşuşygynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni we sport çäreleri barada gürrüň etmegi maksat edinipdir. Emma talyplar özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylyklary, serhetleriň ýapylmagy we türkmen ilçihanalarynyň üsti bilen daşary ýurt pasportlaryny täzeläp bolmaýandygy barada şikaýat edipdiler.
Türkmen diplomaty pul geçirimleri meselesi gozgalanda: “Türkmenistanda häzir ýagdaý gaty agyr, siz hem bize düşüniň” diýip jogap berdi diýip, Turkmen News öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi.
Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy geçen hepde Türkmenistanyň hökümetiniň talyplar üçin ýeňillikli walýuta çalyşyk kursuny doly ýatyrmak meselesine garaýandygy barada maglumat beripdi.
Häzirki wagtda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ýaşlara Merkezi Bankyň resmi kursy boýunça geçirmäge rugsat berilýän puluň mukdary yzly-yzyna azaldylyp, iki aýda 50 dollara getirilen hem bolsa, bu ýat ýurtlardaky ýaşlar üçin zerurlyk bolup durýar.
Türkmenistanyň Merkezi Banky milli walýutanyň resmi hümmetini 2015-nji ýylyň ýanwaryndan üýtgewsiz 3,5 manady 1 amerikan dollaryna barabar derejede saklap gelýär. Gara bazarda amerikan walýutasynyň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar we wagtal-wagtal resmi kursdan 8-9 esse ýokary derejelere baryp ýetýär.
Baýramow serhetleriň 2023-nji ýyla çenli serhetleriň açylmagyna garaşyp hem oturmaly däldigini belläpdir.
Ýokarky meseleler dogrusynda türkmen resmi mediasyna maglumat berilmeýär.