Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy duşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren gepleşiginiň barşynda Çuwaş Respublikasynyň we Perm ülkesiniň hususy pudaklaryny Kazan şäherinde 2021-nji ýylyň 11-nji martynda hasaba alnan Türkmen Söwda öýüniň işine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berşi ýaly, türkmen tarapyndan bu gepleşige Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň hem-de dokma senagaty ministriniň orunbasarlary, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary gatnaşdylar.
Şeýle-de Russiýa tarapyndan Çuwaş Respublikasynyň ykdysady ösüş we emläk gatnaşyklary ministri Dmitriý Krasnow we onuň orunbasary Denis Spirin, senagat we energetika ministriniň orunbasary Sergeý Lekarew, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Çeboksary şäherindäki bölüminiň müdiri Aleksandr Pogodeýkin, Çuwaş Respublikasynyň eksport merkeziniň başlygy Grigoriý Danilow hem-de Perm ülkesiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Oleg Ždanow gatnaşdylar.
Taraplar daşary söwda dolanyşygyny has-da ýokarlandyrmak hem-de iki ýurduň kiçi we orta kärhanalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin degerli çäreleri görmegiň zerurdygyny bellediler.Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ýokarda ady agzalan sebitleri bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy gurmakda telekeçilere we hususy pudaga ýardam bermek, giriş wizalaryny almakda, harytlary üznüksiz daşamakda we maliýe hasaplaşyklarynda birek-birege ýardam bermegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň baştutanlarynyň VI Sammitiniň Russiýanyň Wolga-Kamsk basseýnine ýakyn ýerleşýän sebitleri üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmekde oňyn platforma bolup biljekdigi bellenildi.