Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda Kazanda BRICS-iň XVI sammiti öz işine başlar. 22-24-nji oktýabr aralygynda dowam etjek sammitiň şygary “Adalatly global ösüş we howpsuzlyk üçin köptaraplaýynlygy güýçlendirmek”. Çäkli we giňeldilen görnüşlerde guraljak maslahatlaryň dowamynda BRICS ýurtlarynyň ýolbaşçylary global we sebitiň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda, Russiýanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet we maliýe, medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklary barada özara pikir alşarlar.
Sammitde birleşmek maksady bilen hyzmatdaş döwletleriň täze kategoriýasyny döretmek arkaly BRICS-iň giňeldilmek meselelerine aýratyn üns berler. Maslahatda Täze ösüş bankynyň, Işewürler geňeşiniň, Bankara hyzmatdaşlyk mehanizminiň we zenanlar birleşikleriniň başlyklarynyň hasabatlary diňlener. Sammitiň netijeleri Kazan sammiti jarnamasynda mälim ediler.
Sammitiň soňky gününde 40-a golaý ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda “BRICS plýus/autriç” (BRICS Plus/Outreach) görnüşinde maslahat geçiriler.Olaryň arasynda GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary, Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Latyn Amerikasynyň köp ýurtlarynyň wekiliýetleri, şeýle-de birnäçe halkara guramalarynyň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.
Sammitiň barşynda taraplar Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar, BRICS ýurtlarynyň we Global Günortanyň bilelikdäki tagallalarynyň durnukly ösüşiň bähbidine edýän täsirleri barada durup geçip, möhüm halkara meseleleri barada pikir alyşarlar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşýan liderleriň ählisi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçer.