Türkiyäniň Iç Anadoly sebitindäki gadymy şäherleriň biri bolan Kaýseri şäheri, uzak we sowuk geçen gyş möwsüminiň täsiri bilen tapawutly önümlerden ybarat bolan aşhana medeniýeti bilen giňden tanalýar. 2021-nji ýylda Kaýseriniň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Kaýseri Gurşun Aşy Çorbasy şol aşhana medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele getirýär.
Kaýseri Gurşun Aşy Çorbasy frikadelkalar üçin niýetlenen bulgurdan we mannadan taýarlanýan bulgur frikadelkalaryndan, guzy etinden, nohutdan, ýaşyl merjimekden, sogandan, pomidor goýutmasyndan we biri-birinden tapawutly hoş boý ysly otlardan taýarlanýan çorbalaryň görnüşleriniň biridir. Ýylyň islendik möwsüminde sarp edilmek bilen birlikde, düzümindäki maddalaryň köplügi sebäpli esasan gyş aýlarynda has köp isleg bildirilýär.
Adyny hem taýarlanylyşynda köp sanda önümleriň ulanylýandygy üçin, çorba tabagynyň gurşun ýaly agyr bolmagyndan alyp gaýdýar.Adatça 6 ýa-da 8 adam üçin taýýarlanan çorba üçin, ilki bilen 2 stakan bulgur, manna, ýumurtga, pomidor goýutmasyndan we duz goşup, ownuk däneli bulgur frikadelkalary taýýarlanýar.
Bulgur frikadelkalary biri-birine ýelmeşmezligi üçin ozaldan unlanan bir mejmä düzülip, goýulyp çorba suwuna goşulmak maksady bilen garaşdyrylýar. Çorbanyň suwy bolsa guzy eti, sogan, ýag, pomidor, burç goýutmasy we tmin bilen taýarlanýar. 15 minut gaýnadylan çorbanyň suwuna bulgur frikadelkalary, gaýnadylan nohut we ýaşyl merjimek goşulýar we ergin 20 minut pes otda gaýnadylmaga dowam edilýär.
Taýarlanayndan soň 30 minut demini almagy üçin goýulan Kaýseri Gurşun Aşy Çorbasynyň üstünde guradylan narpyz goşulyp, gyzgyn görnüşde hödür kerem edilýär.