Kaýseri Bünýan Halysy

Kaýseri Bünýan Halysy

Türkiyäniň Iç Anadoly sebitiniň taryhy şäherleriniň biri bolan Kaýseri welaýatynyň Bünýan etraby el bilen dokalýan we dünýä belli bolan, halylaryň görnüşleriniň birine öz adyny berdi. 1996-njy ýylda Bünýan etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde Türkiýäniň Geografiki taýdan hasaba alnan önümleriniň arasyna goşulan Bünýan halysy, ussatlyk talap edýän el işi, inçe we nepis nagyşlary, ýokary hilli ýüplügi we biri-biri bilen sazlaşykly nagyşlary bilen Türkiyäniň haly pudagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Her bir öýde diýen ýaly haly dokama enjamynyň bar bolan etrapda öndürilen halynyň her inedördül santimetrinde azyndan 25 sany düwün bar. Ýakyn wagtlara çenli tebigy boýaglar bilen boýalan ýüplükler bilen dokalan 6 inedördül metr haly, takmynan 1 aýlyk zähmetiň miwesidir.

Bünýan halysy iki aýry bölekden ybarat. Birinji bölegi gyrasynyň we sütünleriň ýerleşýän ýeri, ikinji bölegi bolsa içki giňişlikdir. Bünýan halysy, "Inçe gül bugdaýly, üzümli, aýlanmaly we kirpikli" diýlip atlandyrylýan milli nagyşlar bilen bezelýär we dokama wagtynda biri-biri bilen sazlaşykly açyk reňkler saýlanylýar.

Bünýan etrabynda köp maşgala haly dokamaçylygy bilen geçimini gazanýar we daşary ýurtlara edilýän eksportlar bilen ýurduň ykdysadyýetini hem uly möçberde daşary ýurt walýuta girdejisi üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

“Süper Lig”-iň klublaryna tälimçi çydanok
Trendýol Super Liganyň 7-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 6-njy hepdesi tamam boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi