Kaýratyň AlatauFans janköýerler kluby baş tälimçi Gurban Berdiýewe ýüzlenme bilen çykdy. Bu barada KazFootball.kz ýazýar.
Resmi ýüzlenmede Astana topary bilen bolan duşuşykdaky 0:6 hasabynda duçar bolnan utulyş üçin esasy günäkär baş tälimçi we onuň oýun uslyby görkezilýär.
Janköýerleriň pikirine görä, Kaýrat goragda oýnamaly däl-de, hüjümi köpräk etmeli topar. Ýüzlenmede bu ýagdaý iki möwsümiň deňeşdirmesi bilen delillendirilýär.
Gurban Bekiýewiç, elbetde, biz size uly hormat goýýarys! Ýöne Kaýrat hüjüm topary, ol goragda busup ýatmaly däl. Şonuň üçin hem hüjüm futbolyna dolanyň! Eger muny başarmasaňyz, işden meýletin el çekiň! diýlip, ýüzlenmede aýdylýar. Bu ýüzlenme janköýerler klubynyň resmi saýtynda paýlaşyldy.
Gurban Berdiýewiň Kaýrata geçen ýylyň awgust aýyndan bäri tälim berip gelýändigini ýatladýarys. Almaty şäheriniň topary onuň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.
Yzda galan 11 duşuşykda 13 utuk toplap bilen Kaýrat Premýer-ligada dokuzynjy orny eýeleýär.