Almatynyň Kaýrat kluby baş tälimçi Gurban Berdiýewiň kömekçisi Iwan Danilýansy 69 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady.
Kaýrat futbol kluby Iwan Albertowiçi bu aýratyn güni bilen gutlaýar! Oňa berk jan saglygyny, uzak ýaş, klub bilen bile täze üstünlikli gazanmagy arzuw edýäris! diýlip, klubyň resmi saýtynda ýazyldy.
1953-nji ýylda Aşgabatda doglan Iwan Danilýans birnäçe ýyllap paýtagtyň Gurluşykçysynyň düzüminde futbol oýnady. Ol dürli ýyllarda Moldawiýanyň milli ýygyndysynda, Tiraspolyň Şerifinde, Russiýanyň Rubininde we Rostowynda tälimçi bolup işledi. Soňky agzalan toparlarda ol Gurban Berdiýewe kömek berdi.
Iwan Danilýans şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Kaýratda Gurban Berdiýewe kömek berip gelýär.