Katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Fransisk, Eýranyň Prezidenti Raisi we Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen birlikde beýleki ýolbaşçylaryň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagy sebäpli Hamaneýe gynanç bildirdi.
Watikadan berlen beýannama görä, Papa Fransisk, Hamaneýe heläkçilikde ýogalanlar üçin gynanç bildirýändigini aýtdy.
Papa ýüzlenmesinde, heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna we eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini nygtady.
Prezident Raisi, ýekşenbe güni Eýran-Azerbaýjan serhedinde suw bendiniň açylyş dabarasyna gatnaşandan soň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we beýleki ýolbaşçylar dik uçar heläkçiligine sezewar bolupdy.