Katmer kafesi: dynç günleriňizi ýakymly gurşawda geçiriň

Katmer kafesi: dynç günleriňizi ýakymly gurşawda geçiriň

Katmer kafesi myhmanlary geljek dynç günlerini hakyky gündogar myhmansöýerliginiň şaýady bolup geçirmäge çagyrýar.

Kafeniň menýusynda datly türk desertleriniň ýygyndysy, şeýle hem dürli görnüşli gyzgyn naharlar, işdäaçarlar we beýleki tagamlar bar.

Katmer kafesi — islendik köpçülik bilen dynç almak üçin ajaýyp ýer!Bu ýerde çagaly maşgalalar özlerine laýyk göwnejaý burç tapyp, datly naharlardan lezzet almak bilen, maşgala agzalary bilen bilelikde wagtlaryny hoş geçirip bilerler.

Işewürlik duşuşyklary, söhbetdeşlikler hem oňaýly atmosferada hakyky türk çaýynyň başynda diýseň ýakymly bolar.Dostlaryňyz bilen duşuşmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, giň stollar we baý menýu oturylyşygyňyzy has-da lezzetli we ýakymly etmäge kömek eder.

Katmer kafesi myhmanlara sabyrsyzlyk bilen garaşýar we bu ýerde geçirilen wagtyň ýakymly täsirleriň çeşmesi hem-de ýokary hilli aşhana tagamlarynyň ähmiýetine düşünýänler üçin hakyky dynç alyş boljakdygyny kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Üzüm kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Malefia kafesi tomsuň tamamlanmagy mynasybetli ähli tagamlarynyň bahasyny arzanladar
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Üzüm kafesi günortanlyk üçin arzanladyş hepdesini yglan edýär
Eýranda Kafede Bolan Ýangynda 8 Adam Ýogaldy
Mekdeplerde “Soňky jaň” kakyldy, Türkmenistanda soňky 12 ýylda uçurymlaryň sany 30 göterim kemeldi