Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri duşuşdylar

Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri duşuşdylar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Söwda öýi kärhanasynyň müdiri Serdar Kepbanow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň (Qatar Chamber) Dolandyryş we maliýe meseleleri boýunça müdiri Hussian Ýusuf Al Abdulgani bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň Söwda-senagat edarasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Qatar Chamber-iň web sahypasynda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralary söwda we senagat ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, iki ýurduň telekeçilerini bileleşik we hyzmatdaşlyk gurmaga höweslendirmegiň, şeýle hem iki ýurtda maýa goýumyň ýagdaýyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hussian Al Abdulgani Katar bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berip, öz ýurdunyň ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky isleglerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Türkmenistan Şuşada TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Owganystan Türkmenistan bilen araçäkde täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Karamanda Türk Dünýäsi Festiwaly Geçirildi