Prezident R. T. Erdogan, Türkiýede saparda bolýan Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşdy.
Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Al Sanini Prezidentiň Kompleksinde dabaraly ýagdaýda garşylady.
Erdogan bilen Al Sani özara duşyşyk geçirdi.
Prezidentiň Kompleksinde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, duşuşykda Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler seljerildi.
Prezident Erdogan, duşuşykda Türkiýäniň Siriýanyň bitewiliginiň we jebisliginiň goralmagy üçin Türkiýäniň halkyna we hökümetine goldaw berýändigini, ýurduň gaýtadan dikeldiş etabynda halkara jemgyýetçiliginiň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.
Erdogan, Türkiýäniň milli howpsuzlygyny goramak we Siriýadaky durnuksyzlyň ortadan aýrylmagy üçin terror guramalaryna garşy göreşiniň dowam etjekdigini ýatlatdy.