Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani düýn paýtagt Ankarada saparda boldy. Prezident R. T. Erdogan, Al Sanini resmi dabara bilen garşylady.
Erdogan bilen Al Sani garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.
Iki lider soň bolsa Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik komitetiň 10-njy maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatyň çäginde iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça 8 şertnama baglaşyldy.
Prezident Erdogan, Al Saniniň hormatyna agşam naharyny berdi.
Prezidentiň Kompleksinde berlen nahara iki ýurduň resmi wekiliýetleri gatnaşdy.