Kataryň Daşary Işler Ministri Eýranda Saparda Bolýar

Kataryň Daşary Işler Ministri Eýranda Saparda Bolýar

Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani Tähranda saparda bolýar.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy.

Paýtagt Tähranda Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyk, metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani Tährana guraýan saparynyň çäginde Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen hem duşuşar.

Katar, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda geçirlen gepleşiklere ýer eýeçiligini edipdi.

Hamas, Ysraýyla goldaw berýän ABŞ bilen Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerde Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahunuň täze şertleri öňe sürendigi sebäpli ylalaşyk gazanylyp bilinmändigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaşar Güler Katarda Saparda Bolýar
Hamas we Ysraýyl Gaza boýunça ylalaşdy
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türkmen alymy TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy
Ministr Şimşek Katarly Maýadarlar Bilen Duşuşdy