Katardaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi we stadionlary belli boldy

Katardaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi we stadionlary belli boldy

2020-nji ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionaty Katarda 2021-nji ýylyň 1 11-nji fewral aralygynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň stadionlarynda geçiriler. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ilkibaşda şu ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirilen ýaryş has yza süýşürildi. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Baýrak üçin alty kontinental konfederasiýanyň ýeňijileri, şeýle-de ýaryşy gurnaýan ýurduň, ýagny Kataryň çempiony bäsleşer.Oýunlar futbol üçin doly taýýarlanan DÇ-2022-niň üç meýdançasynda “Ahmad bin Ali”, “Edýukeýşn Siti” we “Halkara Halifa stadionynda” geçiriler.

Kataryň çempiony “Al-Duhail” bilen Täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” klubynyň arasyndaky açylyş oýny 1-nji fewralda “Ahmad bin Ali” stadionynda bolar.Final 11-nji fewralda “Edýukeýşn Siti” stadionynda geçiriler. Ýaryşa Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Mýunheniň “Bawariýasy”, KONKAKAF çempiony bolan meksikan kluby “Tigres UANL”, Afrika kontinentiniň çempiony bolan Müsüriň “Al-Ahli” kluby, şeýle-de Aziýanyň çempionlar ligasynyň ýeňijisi Günorta Koreýadan “Ulsan Hýonde” gatnaşar.

Günorta Amerikanyň wekili 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Liber-tadores kubogynyň finalynda kesgitlener.Toparlaryň final jübütlerini düzjek ýaryşyň bije atyşygy 2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Sýurihde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

FIFA tassyklady — Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar
Ilkinji çempionlygy
Üç transfer habary
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda