Halkara Ženewa awtoulag sergisi 1905-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şondan bäri her gezek öz döwrüniň iň soňky tehnologiýalarynyň görkezilýän sergisi bu ýyl ilkinji gezek başga bir ýurtda Katarda geçirildi.
Geçen aýyň 5-inden 14-ine çenli aralykda “2023 Geneva Motor Show Qatar” ady bilen geçirilen gözden geçirilişiň çäklerinde 10 ulagyň global tanyşdyrylyşy, 20 ulagyň sebitleýin tanyşdyrylyşy amala aşyryldy.
Sergä dünýäniň belli awtoulag öndürijileriniň otuzy gatnaşdy. Ýewropada geçirilýän iň iri halkara awtoulag sergisi bolan bu çäre ilkinji gezek awtoulag bazary barha giňeýän Ýakyn Gündogarda geçirildi.Sergini guraýjylar Katar Halkara Ženewa awtoulag sergisiniň sebitiň esasy sergileriniň biri boljakdygyny belleýärler.
Kataryň Syýahatçylyk amallary edarasynyň ýolbaşçysy Bertold Trenkel bu ýerde birbada 10 ulagyň ilkinji gezek tanyşdyrylandygyna ünsi çekip, munuň Detroit, Frankfurt, Pariž ýa-da Tokýo şäherinde däl-de, Dohada bolup geçýändigini belleýär.
Ženewa sergisine her ýylda on müňlerde myhman baryp görýär. Sergide içinden otlanýan ulaglar bilen bir hatarda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar hem görkezildi.
Mundan soňra sergi iki ýyldan bir gezek bu ýurtda geçiriljek “Formula 1 Katar Grand Prix”-i awtoulag ýaryşyna gabatlanyp Doha şäherinde geçiriler.
Amanýaz Abdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.