Katarda 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçirilen bir aýlyk Dünýä çempionaty döwründe näçe myhman kabul edilendigi barada maglumat ýaýradyldy. Ýurduň resmi QNA habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, 1 aýda ýurda 1,4 million daşary ýurtly barypdyr. 3,4 million adam ýaryşlara stadionlarda tomaşa edipdir. Şeýlelikde, her oýnalanan duşuşyga ortaça 53 müň janköýer tomaşa edipdir.
Stadionlardaky dolulyk derejesi 96 göterim bolupdyr.
Ilkinji gezek Ýakyn Gündogar ýurdunda geçirilen dünýä boýunça futbol çempionaty “Lusail Iconic” stadionynda Argentina bilen Fransiýanyň arasynda geçirilen final duşuşygy bilen tamamlanypdy. Esasy wagty 2-2, goşmaça wagtda 3-3 bolan duşuşygyň netijesinde penaltilerde 4-2 öňe saýlanan Argentinanyň ýygyndysy çempion bolupdy.