Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Katar, düýn Siriýanyň Halap welaýatynyň Manbiç etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Kataryň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Siriýa Arap Respublikasynyň Manbiç etrabynda guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada, “Katar terrora we zuluma garşy durýar we terrorçylykly hüjümleri ýazgarýar” diýildi.

Beýannamada Kataryň Siriýa bilen arkalaşykly hereket edýändigi we Siriýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly goldaw berýändigi ýatladyldy.

Manbiç etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 17 adam ýogalypdy, 16 adam hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Siriýanyň Milli goşuny, Azatlyk Şapagy operasiýasynyň çäginde 9-njy dekabrda Manbiji PKK/ÝPG-li terrorçylardan saplapdy.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň Manbij etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi