Katar Dünýä Kubogyna taýýar

Katar futbol boýunça Dünýä Kubogyna ählitaraplaýyn taýýarlyk görýär.Häzirki wagtda soňky synag işleri geçirilýär.Uglewodorod serişdelerine baý bolan Katar Dünýä Kubogyna degişli infrastrukturany döretmek üçin 208 milliard dollar sarp etdi.Şeýle hem häzirki wagtda bu çempionatyň öňüsyrasynda soňky synag işleri amala aşyrylýar.

Gelýän myhmanlara we janköýerlere göwnejaý hyzmat etmek we awtobus gatnawlary üçin synag işleri ýerine ýetirildi.Bu ýere 1 milliondan gowrak adam barar.Olara awtobus hyzmatlary üçin ýene-de 3 müňden gowrak awtobus satyn alnar.

Olaryň 700-si elektrikli awtobuslar bolar.Awtobus hyzmaty janköýerleri Doha şäherindäki 8 stadiona gatnadar.Janköýerlere we myhmanlara awtobuslardan we beýleki hyzmatlardan mugt peýdalanmaklary üçin Haýýa atly ýörite kartlar paýlanar.

Ýagmyr ÇALIKOW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti
“Liwiýa Bilen Uglewodorod Serişdeleri Boýunça Hyzmatdaşlyk Etmek Hakyndaky Ähtnama Gol Çekişdik”
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gury ýerden nebit gözlemek işlerini güýçlendirer
Gury ýerlerdäki nebit ýataklary daşary ýurt maýadarlary bilen bilelikde öwreniler
Saudi Aramco kompaniýasynyň girdejisi artdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny