Katar 2022-niň petekleriniň bahasy näçe, iň gymmat Dünýä Kubogy

Ýekşenbe güni başlanjak 22-nji Dünýä Kubogy şu wagta çenli geçirilen iň gymmat çempionat bolar.Ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda geçiriljek çempionaty guramak üçin katarlylar 200 million dollar harçlady.

Bu görkeziji ozalky çempionatlaryň birnäçesini goşaňda-da juda ýokary bolýar.Stadionlar üçin jemi 10 milliard dollaryň sarp edilendigi habar berilýär. Şol nukdaýnazardan duşuşyklaryň petekleriniň bahasy hem ýokary hasaplanýar.

Netijede, Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň iň gymmat bahaly petekleri Katar 2022-däki petekler bolar.

Çempionatyň açylyş duşuşygyň bahasy 340 ýewro bolup, janköýerler toparçalardaky duşuşyklaryň her biri üçinem 65 ýewro tölemeli bolarlar. Final duşuşygynyň peteginiň iň arzanynyň bahasy bolsa 583 ýewro deňdir.

Katar çempionata 1 million 200 müň janköýeriň gelmegine garaşýar. Katarlylar çempionatdan umumylykda 17 milliard dollarlyk girdeji tamakin bolup, ilkinji nobatda 20 milliard dollarlyk girdeji garaşylýardy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň ýygyndysy 90+12-nji minutda ýeňlişe sezewar boldy
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Zenanlardan soň erkekleriň arasynda-da Italiýa ýeňiş gazandy
4 ýylda 4 kubok (makala)
Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…