Katar 2022 Dünýä Kubogyna iň köp futbolçy ugradan klublar

Çempionata jemi 5 yklymdan (UEFA, AFK, KONMEBOL, KONKAKAF, KAF) 831 futbolçy gatnaşýar (Okeaniýadan hiç bir futbolçy gatnaşanok) Toparlaryň 31-si düzümine 26 futbolçy çagyrdy.Diňe Eýranyň ýygyndysy tälimçiniň öz islegi boýunça 25 futbolçy bilen Katara geldi. 831 futbolçynyň 605-si UEFA-nyň, 113-si AFK-nyň, 75-si KONKAKAF-yň, 21-si KONMEBOL-yň hem-de 17-si KAF-yň klublarynda çykyş edýän oýunçylardyr.

Dünýä Kubogyna iň köp futbolçy ugradan klublaryň sanawynyň başyny “Bawariýa” çekýär.Nemes klubunyň 17 futbolçysy Katar 2022-de çykyş eder.Bu ugurda “Mançester Siti” bilen “Barselona” klublary 2-njiligi paýlaşýarlar. 2 toparyň hem 16 futbolçysy Katardaky çempionata çagyryldy. Ýer eýeleriň Kataryň “Al-Sadd” kluby hem 15 oýunçy bilen 3-nji orny eýeleýär. “Mançester Ýunaýtediň” 14, “Real Madridiň” 13, “Çelsi” bilen Saud Arabystanynyň “Al Hilal” toparynyň 12 futbolçysy sanawa alyndy.

Dünýä Kubogyna iň köp futbolçy ugradan klublar:

“Bawariýa” 17

“Mançester Siti”, “Barselona” 16

“Al-Sadd” 15

“Mançester Ýunaýted” 14,

“Real Madrid” 13

“Çelsi”, “Al Hilal” 12

“Tottenham”, PSŽ, “Borussiýa D”, “Ýuwentus”, “Aýaks”, “Atletiko” 11

“Arsenal”, “Sewilýa” 10

Ýene degişli makalalar

Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
3 yklym çempionat
Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
Meksikanyň nobatdaky üstünligi
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji sentýabr