Kataloniýada welosipedçileriň howpsuzlygyny üpjün etjek “akylly” ýol belgileri goýlar

Kataloniýada welosipedçileriň howpsuzlygyny üpjün etjek “akylly” ýol belgileri goýlar

Kataloniýada awtoulaglar üçin tizligi çäklendiriji “akylly” ýol belgileri goýlar, olar ýolda welosipedçi peýda bolanda, tizlik çägini awtomatik peselderler diýip, “Ýewropuls” habar berýär. Muny forbes.kz ýetirýär. Bu ýol belgileriniň kömegi bilen Kataloniýada ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde zyýan çekýän welosiped söýüjileriň gatnaşmagynda bolup geçýän heläkçilikleriň sanyny azaltmak isleýärler.

“Akylly” belgiler Kataloniýanyň şäherleriniň esasy ýollarynda goýlar.Olar ýolda ýerleşdirilen elektron tablo ýaly görner.Häzirlikçe ulgam synag režiminde işlär we eger ol, hakykatdan hem, ýolda bolup geçýän hadysalaryň sanyny azaltmaga kömek etse, hemişelik goýlar.

Kataloniýa täze ulgamyň kömegi bilen Ýewropa Bileleşiginiň European Vision Zero maksatnamasyny ýerine ýetirmekçi bolýar, oňa laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli Ýewropanyň ýollarynda pidalaryň sanyny nola çenli azaltmaly.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
TRT-niň Baş Müdiri Sobajy Ýewropaly Ýaýlym Organlaryny Terrorizme Garşy Durmaga Çagyrdy
Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy
Lawrow: Ýewropa Bileleşigi diktator guramadyr
Ýewropada gijeki otlular işläp başlady
A MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT WAS HELD AT THE MINISTRY OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN