
13-14-nji fewralda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Katara barar diýip, Trend habar berýär.
Saparyň dowamynda Gazagystanyň döwlet Baştutany Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani we Premýer-ministri Şeýh Muhammed ben Abdulrahman Al Tani bilen gepleşikleri geçirer.
Tokaýew şeýle hem gazak-katar maýa goýum tegelek stoluna gatnaşar, bu ýurduň işewürleri bilen duşuşar.